Metal kesim iş
20 кВт lazerli kesiş enjamlary, uly galyňlykdaky metallary işlemek üçin ulanylýan güýçli enjamdyr. Bu enjam polat, kömür polaty, paslanmaz polat, alymin we beýleki metal materiallary kesmek üçin ulanylýar. 20 kW lazer güýçli kesiş tizligini we takyklygyny ýokarlandyryp, galyň materiallar bilen işlemegi mümkin edýär. Bu enjamyn esasy aýratynlyklary şulardyr: 1. Lazer kuwwaty — 20 kW lazeri, ýokary tizlikde we takyklykda kesişiň amala aşmagyna mümkinçilik berýär, her bir metal kesiş işlemegiň wagtyny gysgaltýar. 2. Lazer görnüşi — adatça, netijeli, ynamly we energiýany az sarp edýän optiki lazerler (fiber laser) ulanylýar. 3. Dolandyryş ulgamy — döwrebap enjamlar ýokary tehnologiýaly dolandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr (meselem, CNC ,3D ulgamly), bu işleriň takyk we amatly ýerine ýetirilmegine ýardam edýär. 4. Kesiş materiallary — 20 kW lazerli enjamlar, polat, paslanmaz polat, alymin ýaly materiallaryň 1-150 mm-e çenli galyňlykda kesilmegine mümkinçilik berýär.
